Pekin şäheri
Hytaý

Pekin şäheri

Pekin diňe bir Hytaýyň syýasy paýtagty däl, eýsem onuň medeni, bilim we tehnologiýa merkezidir.
Bu şäher talyplara gadymy imperator köşgüniň taryhy bilen geljekdäki asmana göterilen binalaryň (skraperleriň) sazlaşykly utgaşýan ýerinde täsin bilim tejribesini hödürleýär.
Bütindünýä bilim standartlary, baý medeni miras we çalt depginli innowasiýalar sebäpli, Pekin her ýyl müňlerçe daşary ýurtly talyplary özüne çekýär.
Emma, şeýle uly şäherde ýaşamagyň özboluşly taraplary bar.
Bu makalada biz Pekindäki talyplaryň durmuşynyň esasy taraplaryny — ykdysadyýeti, ýaşaýyş jaýlaryny, ulagy we howany jikme-jik ara alyp maslahatlaşarys.

💰Economy & Cost of Living

Pekin dünýäniň iň hereketli şäherleriniň biri hasaplanýar we bu ýerdäki çykdajylar talybyň ýaşaýyş derejesine baglydyr. Akylly meýilleşdirme bilen, býujetiňizden çykman amatly ýaşap bolýar.

Pekindäki talyplaryň ortaça çykdajylary:

Jaý kärendesi: Kärende nyrhlary ýokary. Şäheriň merkezine golaý kwartiralar aýda 4 000–7 000 ýuan (550–950 USD) töweregi bolýar. Merkezden daşda nyrhlar has arzan. Talyplaryň köpüsi kampuslarda ýaşamagy saýlaýar.

Iýmit: Iýmit üçin aýda ortaça 1 500–2 500 ýuan (200–350 USD) sarp edilýär. Supermarketlerden önüm satyn alyp, öýde nahar bişirmek restoranlarda iýmekden has tygşytlydyr.

Ulag: Pekinde jemgyýetçilik ulaglary örän elýeterli. Aýlyk petek ortaça 100–200 ýuan (15–30 USD) töweregi.

Goşmaça çykdajylar: Medeni çäreler, dynç alyş we şahsy zerurlyklar üçin aýda 500–1 000 ýuan (70–140 USD) töweregi gerek bolýar.

💡 Maslahat: Tygşytly bolmak üçin Alipay ýa-da WeChat Pay töleg ulgamlaryny ulanyň we aksiýaly (arzanlaşykly) ýerlerden söwda ediň.

🏠Student Accommodation

Kärende nyrhlarynyň ýokarylygy sebäpli, talyplaryň köpüsi aşakdaky ýaly tygşytly ýaşaýyş görnüşlerini saýlaýar:

Ýatakhanalar (Kampuslar): Uniwersitetleriň ýanyndaky iň amatly görnüş. Nyrhy aýda 1 000–2 500 ýuan (140–350 USD). Artykmaçlygy: okuw binalaryna golaýlygy we talyplar bilen aragatnaşyk.

Kwantirany bilelikde kärendä almak (Flat-sharing): Talyplar birleşip, bilelikde kwartira kärendä alýarlar, bu bolsa nyrhy peseldip, amatlylygy saklamaga mümkinçilik berýär.

Aýratyn kwartira: Ýekelikde ýaşamagy halaýanlar üçin. Nyrhy ýokary, ýöne amatlylyk derejesi iň ýokarydyr.

Student’s Life kompaniýasy hökmünde biz talyplara howpsuz ýaşaýyş jaýyny tapmaga kömek edýäris. Şeýle hem, Hytaýdaky taýýarlyk programmamyzyň ählisinde bir ýyllyk ýaşaýyş jaýynyň tölegi göz öňünde tutulandyr.

🚇Transport & Infrastructure

Pekin dünýäniň iň ösen we täsirli ulag ulgamlarynyň birine eýedir.

Pekin metrosy: Dünýäniň iň uly we iň döwrebap ulgamlarynyň biri. Şäheriň ähli etraplaryny birleşdirýän köp sanly liniýalardan ybarat. Daň atan wagtyndan başlap gijä çenli işleýär.

Awtobuslar: Ýerüsti ulag torlary metro bilen sazlaşykly işleýär we hatda şäheriň iň çetki ýerlerini hem öz içine alýar.

Welosipedler: Pekin — welosiped şäheri. Meituan, HelloBike ýaly programmalar arkaly şäheriň islendik ýerinde welosiped kärendä alyp bolýar.

🌦️Climate

Pekinde gyşy sowuk we gurak, tomusy bolsa yssy we çygly bolan kontinental howa höküm sürýär.

Möwsüm Temperatura Aýratynlyklary
❄️ Gyş (Noýabr–Mart) –5°C-den –10°C-e çenli Sowuk, ýelli we gurak howa.
☀️ Tomus (Iýun–Awgust) +25°C…+35°C Yssy, ýagyşly we ýokary çyglylygy bilen tapawutlanýar.
💡 Maslahat: Noýabrdan marta çenli gyşky eşikleri (puhanika, şapka, ellik) hökman alyň. Tomusda bolsa ýeňil eşikler we gün goragy üçin serişdeler zerur bolar.